Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Akgoýun toýy nähili bellenilýär?

26-08-2022 / 5157

Akgoýun toýy halkymyzyň iň naýbaşy toýlarynyň biridir. Ata-babalarymyzdan miras galan bu gadymy toýuň aňyrsynda milletimiziň öz ýaşuly nesline goýýan uly hormat-sarpasy ýatandyr. Çünki türkmen halkynda akgoýun toýuny toýlamak wajyp, sogap hem parz iş hasaplanypdyr.

63 ýaş Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetilmegini aňladýar. Bu ýaşa ýeten watandaşlarymyza akgoýun toýuny bellemäge döwletimiz tarapyndan hem giň mümkinçilikler döredilip, hemaýat berilýär.

Wagtyň geçmegi we döwrüň üýtgemegi bilen halkymyzda pygamber ýaşynyň toýy hasap edilýän akgoýun toýy has-da kämilleşip, onuň many-mazmuny täze döwrebap dessurlar bilen baýlaşyp, belent derejelere çykaryldy. Geçmişde akgoýun toýy «Ak aş» diýlip atlandyrylypdyr. Toýda pygamberimiziň ýaşan ýaşyna ýeten, erkek adama ýakynlary ýagşy niýet edip, ak eşik geýdiripdirler, başyna ak silkme telpek, egnine bolsa düýe ýüňünden edilen çäkmen ýa-da gymmat bahaly, ýörite niýetlenip tikilen don geýdiripdirler. Kümüş saçly enelerimiziň başyna ak seçekli gyňaç daňypdyrlar.

Akgoýun toýunda hem beýleki toýlarymyzda edilişi ýaly, öňinçä mal kesilip, öten-geçenlerimiziň hatyrasy tutulyp, olaryň ruhuna aýat-töwir okalýar, olar ýagşylykda ýatlanýar. Ata-babalarymyzdan miras galan gadymy däbe eýerilip, toýa gelen myhmanlara, ilkinji nobatda, ak aş, ýagny süýtli aş çekilýär. Beýle edilmeginiň düýp sebäbi, Muhammet pygamberimiziň iň gowy görýän naharynyň süýtli aş bolandygynyň alamatydyr. Şoňra pygamberimiziň ruhuna bagyş edilip, aýat-töwirler okalýar. Onsoň toýa gelen märekä beýleki tagamlar çekilýär. Beýik Taňrydan Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy dileg edilip, toý töwiri okalýar.

Gandym WELLEKOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com