Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Gaýgy hassalyga sebäp bolýar

(Danalardan dürdäneler)

18-08-2022 / 5012
  • Işiňi sözüňden ileri tutgun.
  • Gaýgy mydama hassalyga sebäp bolýar.
  • Nesibede ýok zatda haýyr ýokdur.
  • Sadalyk ýöntemlik däldir, ol çylşyrymlylykdan has aňyrda ýatan zatdyr.
  • Kazasy dolana öz öýi gabyr.
  • Birine diňe ýekeje derwaýys öwüt aýdan adam hemişe gatyrganyp ýören gagal kişiden dünýä üçin has köp ýagşylyk edýändir.
  • Baş gitse — göwre gider, sabyr gitse — iman.
  • Ýanjalan söz — ýenjilen ýumurtga ýalydyr.
  • Diňe özüňi bilmeklik ýüregiňi çüýredýär.
  • Hemmeden ökde bolmak üçin özüňden güýçli bilen göreş.
  • Gahar iň akylly adamlary-da heläk edip bilýär.
  • Ätiýaçlylyk paýhaslylygyň alamatydyr.

Toplan Çary ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap geňeşiniň baş hasapçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com