Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Jandarlar nähili uklaýarlar?

01-08-2022 / 5084

Delfinler hiç wagt uklamaýarlar. Emma olaryň dynç alýan wagtlary beýnisiniň diňe ýarysy işleýär, beýleki ýarysy bolsa dynç alýar.

Alagotan aýaklary bilen şahadan ýapyşyp, asyl-asyl bolup ýatýan bolsa, malaýýa totusy, uçýan ýarganatlar aýaklaryny ýokary galdyryp, arkanlygyna ýatýarlar.

Belkalar tegelenip ýygrylýarlar, özleriniň tüýlek guýruklaryna dolanyp uklaýarlar.

Hindi pilleri aýaklaryny uzadyp, gapdalyna ýatýan bolsalar, afrika pilleri aýak üstünde arkaýyn uklap bilýärler.

Dag goçlary ukuda-da elmydama howsalaly, gorkuly, ynjalyksyz ýatýarlar. Olar oňat uklamak üçin dag alakalarynyň ýanlaryna baryp ýatýarlar. Sähelçe howp abansa, alakalar çagyryşyp ses edýärler. Goçlar şol sesi eşidip oýanýarlar.

Derýanyň kenarynda gezýän samyrlar beýleki haýwanlar ýaly gijesine ýatman, diňe gündiz arkanlygyna ýatýarlar.

«TürkmenGazet».

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com