Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy bellenildi

30-07-2022 / 5099

29-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Işangulyýew Şirgeldi Işangulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com