Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýetginjek türgenlerimiz halkara sport ýaryşyna gatnaşmak üçin Wladiwostoga ugradylar

26-07-2022 / 5073

Şu gün — 26-njy iýulda sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparlarynyň agzalary «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna ugrady. Bu oýunlara ýurdumyzdan ýetginjek türgenleriň 62-si gatnaşar. Bu barada «Watan» gazetiniň internet sahypasynda habar berildi.

25-nji iýulda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndy toparlarynyň agzalaryny halkara sport oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi.

«Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlary 27-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçiriler. Oňa Aziýanyň dürli ýurtlaryndan 25 topar hem-de Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinden 2 müňe golaý türgen gatnaşar.

Halkara sport baýramçylygynda türkmenistanly çagalar sportuň 9 görnüşi boýunça baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler. Olaryň 6-sy sambo, 9-sy kuraş, 19-sy erkin we grek-rim göreşleri, 10-sy boks, 2-si ýeňil atletika, 2-si suwda ýüzmek, 8-si 3×3 basketbol, 2-si ýaýdan ok atmak, 4-si stol tennisi görnüşlerinden geçiriljek ýaryşlarda güýçlerini synarlar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com