Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Kofe galyndysyny zyňmaň! Ine, sebäbi!

24-07-2022 / 5046

Kofeni nädip demländigiňize garamazdan, elmydama ulanylan kofeni zyňmaly bolarsyňyz. Emma kofeniň demlenenden soň hem “ömri” uzaldylyp bilner.

Kofeniň galyndysyndan şu aşakdaky usullar bilen peýdalanyp bolýar:

– kofe skrabyny ýasamak. Derini arassalaýar, ýaşardýar we tekizleýär. Skraby ulananyňyzdan soň nemlendiriji ulanyň.

– garynjalara garşy göreş. Garynjalar kofeni halamaýarlar, şonuň üçin öýüňizdäki garynjalardan dynmak üçin, şeýle hem otag güllerini olardan halas etmek üçin kofe galyndylaryny ulanyp bilersiňiz.

– jaýdaky ýakymsyz yslardan dynyň. Kofe ajaýyp siňdiriji, şonuň üçin öýüňizdäki şkafyňyzdan tutuş öýüňize çenli dürli yslardan aňsatlyk bilen dynyp bilersiňiz. Kofeni öýüňiziň dürli ýerlerine goýmazdan ozal guradylmalydygyny ýatdan çykarmaň, ýogsam çüýräp başlar.

– ýere beriň. Kofede ösümlikler üçin peýdaly boljak köp mukdarda witaminler we ýokumly maddalar bar. Şonuň üçin ulanylan kofe ösümlikleriňiziň hasylly we owadan bolmagy üçin toprak bilen garylyp bilner.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com