Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sebitiň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

22-07-2022 / 5012

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda boldy.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiň resmi banneriniň hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, uly mejlisler zalynda ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Prezident Sadyr Žaparow duşuşygy açyp we daşary ýurtly kärdeşlerini myhmansöýer gyrgyz topragynda mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň konsultatiw duşuşygyna ilkinji gezek gatnaşýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini dowam etdirjekdigine we Türkmenistanyň ösmegine saldamly goşandyny goşjakdygyna pugta ynam bildirildi.

Soňra konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylar gün tertibini tassykladylar we çykyş etdiler. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com