
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi halkara güwänamalara mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Olaryň arasynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezinde durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň oturdylandygy barada Germaniýanyň «Fraunhofer adyndaky energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň güwänamasy, desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy hakynda Awstriýanyň «TUV Austria» tehniki gözegçilik birleşigi halkara güwälendiriş we bahalandyryş guramasynyň güwänamasy, merkezde abatlaýyş we hyzmat ediş işlerini ýerine ýetirmek boýunça ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat edilýändigi barada güwänama bar. Şeýle-de Angliýanyň London energetika toparynyň desganyň Merkezi Aziýada ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, şeýle hem onuň iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy hakyndaky güwänamasy, Germaniýanyň «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň merkeziň ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamasy gowşuryldy.
«TürkmenGazet».