Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ulag-logistika ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat

20-07-2022 / 5060

2022-nji ýylyň 18-19-njy iýulynda ýurdumyzda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek hem-de onuň häzirki zaman ýagdaýlaryna laýyklykda hereket etmegini gazanmak maksady bilen, «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahata sebitiň iri ulag-logistika assosiasiýalary we kompaniýalary, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Adaty görnüşde hem-de sanly ulgam arkaly guralan maslahatyň iş maksatnamasy «Pandemiýadan soň­ky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly plenar mejlisi hem-de «Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar», «Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. «Ýaşyl» infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny», «Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny» atly üç sany iş mejlisini özünde jemleýär. Halkara maslahatda hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, seminarlaryň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň ähmiýeti uly boldy.

Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com