Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistan 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmagy teklip edýär

15-07-2022 / 5084

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmak baradaky teklibi hödürleýär. Bu barada 14-nji iýulda geçirilen ýokary derejeli Daşkent duşuşygynda habar berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek tarapynyň degişli başlangyjy goldajakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şol bir wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini-de nygtady. Türkmen tarapy bu teklibiň hem goňşy Özbegistan tarapyndan goldaw tapjakdygyna bil baglaýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com