Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Buharada türkmen-özbek dostluk konserti geçirildi

14-07-2022 / 5092

13-nji iýulda gadymy Buhara şäherindäki Nedir Dewonbegi medresesiniň  dabaraly çäreler geçirilýän meýdançasynda türkmen-özbek dostluk konserti geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Buhara agşamy dostluk owazlaryna, dürli yşyklara beslendi. Konserte iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, syýahatçylar, Buharada ýaşaýan türkmen diasporasynyň maşgalalary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Konsertiň meýilnamasy türkmen we özbek halklarynyň nusgawy hem-de häzirki zaman aýdymlaryndan, milli  tanslardan ybarat boldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com