Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistany 2028-nji ýyla çenli ösdürmegiň täze Maksatnamalary kabul edildi

09-07-2022 / 5622

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» tassyklanyldy.

Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hökümetiň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken degişli resminamalarynyň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini dowam etdirmekden, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmekden, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyryp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com