
Üflenip çalynýan saz gurallary — tüýdükler adamzadyň iň irki oýlap tapan saz gurallarynyň biri hasaplanylýar.
Kakylyp çalynýanlaryň yzysüre dörän bu saz gurallarynyň döreýşi barada dürli çaklamalar öňe sürülýär. Ýöne şolaryň ählisi diýen ýaly içine ýel düşmegi sebäpli, ses çykaran gamyş ýa-da şoňa meňzeş ösümlige duş gelen adamyň soňlugy bilen şol owazy emeli usulda almak ukybyna eýe bolmagy bilen baglanyşykly. Şeýdip, adamzat ýönekeýje gamyşdyr agaç böleginiň, süňkleriň içine üfläp ses alynýan saz guralynyň eýesi bolýar. Süňkden, balykgulakdan edilen dürli görnüşli saz gurallarynyň — tüýdükleriň şekilleri gadymy taryhy ýadygärliklerde duş gelýär. Bäş müň ýyla golaý ozal Gadymy Müsürde ilkinji tüýdükler we fleýtalar peýda bolýar. Ol ýere bu saz gurallaryny Frakiýadan (häzirki Türkiýe) eltýärler. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşmek bilen bu saz gurallarynyň dürli halklarda dürli görnüşleri döräpdir. Olaryň käsi wagtyň geçmegi bilen durkuny üýtgetse, käbirleri, mysal üçin, Awstraliýanyň ýerli halkynyň «dijeridu» atly tüýdügi başky görnüşinde diýen ýaly biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Taryhda saz gurallarynyň döremegine öz goşandyny goşan ussalar kän bolupdyr. Şolaryň biri-de saksafonyň atasy hasaplanylýan belgiýaly ussa Adolf Saksdyr. Ol fleýta ussasy bolan kakasy Şarl Saksdan miras galan ussahanada täze saz gurallaryny döredip ugraýar. Soňlugy bilen ol “saksafon” diýip atlandyrylan «müşdükli ofiklendi» oýlap tapypdyr.
Saz sungatynyň taryhyny öwrenijileriň işlerine nazar aýlanyňda-da, halk döredijilik eserlerimizde-de türkmeniň 72 saz guraly barada aýdylýanlara duş gelmek bolýar. Munuň özi tutuş taryhyň dowamynda halkymyzyň kalbynyň aýdym-saza ýugrulandygyndan habar berýär. Ýöne dürli sebäplere görä, ol saz gurallarynyň ählisiniň halk bilen hemişe bile bolmagyna mümkinçilik bolmandyr. Bu olaryň ýasalyş we ýanyň bilen götermek mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydyr. Ine, şu nukdaýnazardan tüýdükdir dutar-gyjagyň islendik döwürde-de halkymyzyň hemrasy bolup gelmegi düşnükli ýagdaýdyr.
Ruhiýa HAÝDAROWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň fleýta hünäriniň mugallymy.