Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Wilýam Şekspiriň ýandepderçesinden

04-07-2022 / 5024

Ýylyň her güni baýramçylyk bolan bolsa, şatlanmak işlemekden içgysgynç bolardy.

Düşünjeleriňiz näme bolsa, durmuşyňyz hem şoldur.

Durmuşyňyzy üýtgetmek isleýän bolsaňyz, düşünjeleriňizi üýtgediň!

Sesiňi däl, sözleriňi beýgeltmeli, sebäbi ýapraklary suwarýan ýagyşdyr, gök gümmürdisi däldir.

Hemme kişini söý, käbirine ynan we hiç birine erbetlik etme!

Sözlerimiz uçar, düşünjelerimiz ýerde galar.

Özümi bagtly duýýaryn. Näme üçin şeýledigini bilýärsiňizmi? Sebäbi hiç kimden hiç zada garaşmaýaryn.

Ýitiren ýeriňde garaşma! Saňa ýapylan gapyny ikinji gezek kakma!

Iň beýik adamlar, uly ajy duýgulary dadanlardyr.

Gorkaklar ölmänkä müň gezek öler, batyrlar bolsa — bir gezek.

Elimizde bar bolan zatlara käwagt, ýok bolan zatlara her gün düşünýäris.

Düýni ýa-da bu güni däl, edil şu wagtky pursaty ýaşamaly. Sebäbi eger bir zat boljak bolsa, ertire galmaz, eger ertire galjak bolsa, bu gün bolmaz.

Adam söýüp başlanda, ýaşamaga hem başlaýar.

Toplan Bezirgen BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com