Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Limon tohumlarynyň peýdasy

30-06-2022 / 5149

Limon – şiresi, gabygy we tohumy bilen has köp peýdasy bolan iýmitleriň hatarynda orun alýar.

Bilşiňiz ýaly, C witamine örän baý limon, käbir keseller üçin peýdalydyr. Bejeriş häsiýeti bolan limon, köplenç, dermanlaryň ýerine tebigy bejeriş usullaryny halaýan adamlar tarapyndan ulanylýar. Adatça, limonlaryň şiresi we gabygy tagamlary we desertleri taýýarlamak üçin ulanylyp, adatça tohumlary zyňylýandyr. Geçirilen barlaglarda, köplenç, zibil gutularyna atýan limon tohumlaryňyzyň hem edil limon ýaly peýdalydygy subut edildi.

Limon tohumlary näme üçin peýdaly?

  • Limon tohumlaryndan tapylan salisil turşusy aspiriniň esasy düzüm böleklerinden biridir. Şonuň üçin hem limonyň tohumlary agyryny aýyryjy hökmünde-de ulanylyp bilner.
  • Zäherli ösümlikleriň we haýwanlaryň bedene edýän täsirini ýok edýär.
  • Beýniniň ösmegine we saglyga oňyn täsir edýär.
  • Akyl ýadawlygyny peseldýär.
  • Limon tohumynda köşeşdiriji we rahatlandyryjy aýratynlyk hem bar.
  • Düwnük keselini bejermegiň alternatiw usuly hökmünde giňden ulanylýar.
  • Döş keseline oňyn täsir edýär.
  • Iýmit zäherlenmesiniň täsirini aýyrýar we zäheriň bedenden aňsatlyk bilen çykmagyny üpjün edýär.
  • Içindäki komponentleriň kömegi bilen deridäki düwürtikleri bejermekde işjeň rol oýnaýar. Şeýle-de täze düwürtikleriň döremeginiň öňüni alýar.
  • Dişleriňizi ak we tämiz görünmegine kömek edýär.

Limon tohumlaryny nädip ulanmaly?

Limon tohumyny tötänleýin ýuwutmagyň zyýany ýok. Şeýle-de bolsa, siňdirmek gaty kyn bolup biler. Şol sebäpli limon tohumyny poroşokda owradyp, bal ýaly süýji iýmitler bilen garyp ulanyp bilersiňiz!

Pälwan RESULOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com