Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Garaňkylykda ösümlik ösdürip ýetişdirmek mümkin

30-06-2022 / 5009

Alymlar garaňkylykda ösümlikleri ösdürmegiň usulyny tapdylar. Şeýlelik bilen, fotosinteziň zerurlygy hem aradan aýryldy. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berildi.

Delawer uniwersitetiniň hem-de Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary ösümlikleri garaňkylykda ösdürmegiň usulyny tapmagy başardylar. Alymlar kömürturşy gazyny, elektrik toguny we suwy sirkäniň esasy düzüm bölegi bolan asetata öwürmek üçin iki basgançakly prosesi ulandylar. Geçirilen synagyň netijesi ösümlikleriň garaňkylykda asetat iýip gülläp ösüp biljekdigini görkezdi. Şeýlelikde, gözlegçiler ösümlikleriň ösmegi üçin biologiki fotosinteziň zerurlygyny doly aradan aýyrdylar.

Ösümlikler üçin Güne zerurlyk ýok bolsa-da, alymlar tarapyndan öndürilen enjamyň işlemegi üçin energiýa zerurdyr. Alymlar ösümlikleriň tebigy fotosintez prosesinde Gün şöhlesinde energiýanyň diňe 1 göterimini ulanyp biljekdigini nygtaýarlar.

Nurýagdy REÝIMOW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com