Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

30-06-2022 / 5009

29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.

Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy. Bu ýerde bäş goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryna duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy.

Altynjy Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy.

Soňra belent mertebeli myhmanlar paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasyna tarap ugradylar. Bu ýerde, sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Soňra altynjy Hazar sammiti uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com