Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýeňiş — ýaşlarda

29-06-2022 / 5017

Watana söýgi, öz halkynyň taryhyna bolan gyzyklanma, raýatlyk borjuňy we kanuny borçlaryňy ýerine ýetirmäge taýynlyk, ahlak-etiki gymmatlyklaryňa hormat goýmak, milli mirasyňy sarpalamak, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak höwesi ýaşlaryň geljege bolan ynamyny ýokarlandyrýar. Onuň esasynda bolsa Watan gülleýär, Watanyň ertirki kuwwaty has-da ýokarlanýar.

Her bir adamyň Watanyň, garaşsyzlygyň gazananlarynyň goragçysy bolup biljek häsiýetleri bolýar, olar edermenlik, abraý, şahsy mertebe, milli buýsanç, watançylyk, çydamlylyk, jemgyýetçilik borjuňa wepalylyk, beýlekileriň ömri üçin jogapkärçilik duýgusydyr. Ynsanperwerligiň we ahlaklylygyň çuň halky däp-dessurlary, milli medeniýetiň has ýokary gazananlary bu maksady elýeterli edýär. Şeýle maksatlara ýetip döwrüň medeniýetli neslini kemala getirmek işleriniň oýlanşykly we örän jogapkärçilikli alnyp barylmagy, maksatlaryň myrat tapmagynda esasy orna eýedir. Bu günki günde türkmen ýaşlary Arkadag Prezidentimiziň hut öz göreldesi esasynda kämillige ymtylyp, beýik işlere baş goşmaga çalyşýar.

Şu ýerde ösüp gelýän ýaş nesli milli däp-dessurlara, umumadamzat medeni gymmatlyklaryna sarpa goýmak ruhunda ter­biýelemäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly, döredijilik we ruhy gatnaşyklaryň berkemegine Türkmenistanda geçirilýän köp sanly çagalar we ýaşlar bäsleşikleriniň, halkara maslahatlarynyň, folklor festiwallarynyň hem ýardam edýändigini belläp geçmek gerek. Sebäbi, bu işleriň özi türkmen ýaşlarynyň medeni syýasatdaky ornuny açyp görkezmek bilen, olaryň döredijilik derejesini hem aýdyň äşgär edýär. Munuň özi dünýäniň döwrebap medeniýetini milli ruhda özleşdirmekde we türkmen ýaşlarynyň dünýägarýyşyny özgertmekde möhüm ädimdir.

Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com