Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Eger hiç kim seni söýmeýän bolsa…

Dagystanyň halk ýazyjysy Resul Gamzatowyň bu goşgusy söýgi hakda çuňňur pikirlendirýär

20-06-2022 / 5221

Dünýäde müň adam saňa sawçysyn
Ýollan bolsa eger, däldir ol geň zat.
Ýöne şolaň arasynda biriniň
Adyna diýerler Resul Gamzat.

Eger-de ýüz adam ser-sepil bolup,
Seň yşgyňda çekýän bolsa perýady.
Geň görmegin, ýüz adamyň içinde
Resul diýseler biriniň ady.

Eger-de on adam, on sany ýürek
Seni söýýän bolsa möwç alyp, dyňzap.
Gussalaryň gazanynda gaýnaýan
Şol onuň biridir Resul Gamzat.

Söýýän bolsa seni ýekeje adam,
Diýmek, olam bu daglaryň zürýady.
Gelendir ol gaýalaryň gerşinden,
Sorasaň Resul diýerler ady.

Eger hiç kim seni söýmeýän bolsa,
Tukatlyk üstüňe abansa omzap,
Diýmek, onda dereleň bir ýerinde
Mazarda ýatandyr Resul Gamzat.

Terjime eden
Mämmet SEÝIDOW.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com