
Nähilidir bir iş bilen meşgullanan pursatlarymyzda, ýolda wagtlarymyz bize ýaraýan, göwnümizi göterýän aýdymlary ýa-da sazlary diňlemek ruhy saglygymyza, onuň netijesinde hem fiziki saglygymyza oňaýly täsir edýär.
Köpleriň bilşi ýaly, aýdym diňlemek adamyň gündeki ýadawlygyny unutmagyna, işe başlamazdan öň aýdym diňlemek endigi bolsa, onuň işine has höwesli başlamagyna peýdalydyr. Mundan başga-da, aýdym-sazy köp diňleýän adamlaryň ýatkeşligi beýleki ynsanlaryňkydan görnetin parhlanýar.
Käte nämedir bir zat ýat tutmakçy bolnanda, ýuwaşjadan aýdymyň sesini goýberip synanyşylsa has netijeli bolýar. Belki-de, diňleýän aýdymlarymyzy juda çalt ýat tutmagymyz hem şonuň üçindir. Käbir ynsanlar bolsa ýatda saklamasy zerur bolan zatlary aýdym ýaly hiňlenip ýatda saklaýarlar. Aýdym-sazyň özboluşly ses tolkuny ynsan kalbynyň urgulary bilen birleşip, köplenç dartgynlylyk ýagdaýyndan hem halas edýär. Şonuň üçin-de ony käbir psihologlar öz bejergilerinde ulanýandyr. Aýdym diňlemek, edil şonuň ýaly-da, dürli görnüşli, köplenç ýagdaýda akgynly sazlary diňlemek adamyň pikirlenişini ýokarlandyryp, döredijilik ukybyny ýüze çykarmakda örän peýdalydyr. Aýdylan şunça peýdaly taraplaryndan başga-da, käte gijelerine uklap bilmedik wagtlaryňyzda hem aýdym-saz diňlemek size kömek edip biler. Güýçli depginli däl-de, pessaý akymly aýdymlar çalt rahatlandyryp, gündizki iş-aladalary unutdyrýar. Hatda onuň bedeniň dürli kesellere garşylyk güýjüni, ýagny immunitetini hem ýokarlandyrýandygy alymlar tarapyndan subut edilendir. Elbetde, edil aýdym diňlemegiň saglygymyzda, ylaýta-da, ruhy saglygymyzda peýdaly bolşy ýaly, aýdym aýtmagyň, hiňlenmegiň hem örän köp peýdaly taraplary bardyr. Aýdyma hiňlenmek ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyryp, has hyjuwly ýaşamagyňy sazlaýar. Bu hem öz gezeginde birnäçe hassalyklaryň öňüni almakda peýdaly. Bulardan başgada, aýdyma hiňlenmek gan basyşymyzy sazlap, ýüregimizi berkidýär. Onuň ganymyzdaky kislorodyň mukdaryny artdyrýandygy, stres garmonyny azaldýandygy, ünslüligimizi güýçlendirip, sesimiziň hem üýtgemegine, ýagny sazlaşykly owaza eýe bolmagyna täsir edýändigi alymlar tarapyndan subut edilendir.
Serdar JORAÝEW,
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň kirişli saz gurallar bölüminiň skripka mugallymy.