Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Kompýuteriň ösüş taryhy

15-06-2022 / 5937

Häzirki döwürde ykdysady, durmuşy we beýleki çylşyrymly meseleleriň çözgüdinde kompýuteri peýdalanmak oňaýly netije berýär. Kompýuterler şu wagta çenli nähili taryhy ösüşi başdan geçirdikä?!

Adamlar gadym döwürlerden başlap, hasaplamalar bilen iş salşyp gelipdirler. Onuň üçin öň belleýşimiz ýaly, elýeterli serişdelerden: eliň we aýagyň barmaklaryndan, taýajyklardan, daşjagazlardan peýdalanypdyrlar. Soň-soňlar hasap taýajyklary ýüze çykypdyr. Kem-kemden hasaplamagyň serişdelerini kämilleşdirmek bilen ýönekeýje hasaplaýjy maşynlar döräp başlapdyr. Fransuz matematigi Blez Paskal 1642-nji ýylda, entek 19 ýaşyndaka onluk sanlary goşup bilýän diş-diş tigirleriň esasynda gurnalan hasap maşynyny döredipdir.

Nemes matematigi Gotfrid Wilgelm Leýbnis 1673-nji ýylda dört amaly ýerine ýetirýän maşyny oýlap tapypdyr. Soňra bu maşynyň esasynda arifmometrler döredilipdir hem-de olar 1820-nji ýyldan başlap, köpçülikleýin öndürilip başlanypdyr. 1812-nji ýylda Kembriž uniwersitetiniň professory ilkinji hasaplaýjy maşyny döredende, kompýuterleriň häzirki günki ýagdaýyny göz öňüne-de getirip bilen däldir.

Arifmometrleriň ýaýramagy bilen uniwersal hasaplaýjy maşynlary döretmek barada pikirler peýda bolup başlapdyr. Iňlis matematigi Çarlz Bebbij 1823-nji ýylda uniwersal hasaplaýjy maşynlaryň taslamasyny öňe sürüpdir. Bu maşyny gurmak üçin 70 ýyl zähmet sarp edilipdir. Ýöne ol doly gurnalyp gutarylmandyr. Bu maşyn üçin Ada Lawleýs programmalary düzüpdir. Onuň hormatyna programma dilleriniň biri Ada diýlip atlandyrylýar. Çünki, ilkinji hasap maşynlary üçin programma düzen Ada Lawleýsdir.

1890-njy ýylda amerikan inženeri German Hollerit analitik hasap maşynyny döredipdir. Ony ABŞ-da ilat ýazuwyny geçirmekde peýdalanypdyrlar.

Elektron hasaplaýjy maşynlaryň zamany XX asyryň 30-njy ýyllarynda iňlis alymy Alan Týuringiň, amerikan alymy Emil Leon Postuň nazary işlerinden başlanýar. San belgili hasaplaýjy maşynlary gurmagyň esasy düzgünleri amerikan alymlary Jon Fon Neýman, Garri Goldşteýn we Artur Berks tarapyndan işlenilip taýýarlanylypdyr. Ilkinji programma arkaly dolandyrylýan Mark-I IBM korporasiýasynyň ýardam bermegi bilen Goward Aýkeniň baştutanlygynda, ilkinji sanbelgili hasaplaýjy maşyn 1946-njy ýylda Jon Uilýam Mokli we Jon Presper Ekkert tarapyndan ABŞ-da döredilýär.

Ilkinji kompýuter 1941-nji ýylda nemes alymy Konrad Sýuze tarapyndan oýlanylyp tapylýar. Ilkinji kompýuterler elektron çyralardan düzülip, olar birnäçe otaglarda ýerleşipdir we olaryň bahalary örän gymmat bolupdyr. Aýdylyşyna görä, ilkinji şahsy kompýuter ABŞ-da awtomobil garažynda döräpdir. Stiw Jobs we Stiw Woznýak ikisi Jobsuň awtomobilini satyp, gazanan pullaryny özleriniň ilkinji kompýuteri bolan “Apple” siňdiripdirler. Bu kompýuter 1977-nji ýylda bazara çykarylyp başlanýar. Ýöne 1981-nji ýylda IBM korporasiýasynyň döreden kompýuteri has şowly çykýar, häzirki wagtda bu firmanyň kompýuterleri tutuş Ýer ýüzüne ýaýrandyr.

Döwletiň geljegi, durmuşyň ösüşi ýaş nesliň alan terbiýesine, bilim goruna bagly bolýar. Kompýuter tilsimatlaryndan baş çykarmak bolsa, olary has kämilleşdirýär.

Hesel ALTYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com