Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Sazdan we söýgüden doly ýürek

14-06-2022 / 5120

Saz — adamlaryň  öz-özi bilen gaýgysyny, şatlygyny paýlaşyp bilýän  uly bir gudrat. Kompozitor ýazan sazlaryna kalp owadanlygyny siñdirýär. Şeýlelikde, bu ajaýyplyk ruhy dünýämiziň mähir-muhabbetine, ýüregi şirin mukama teşne kalplaryñ iñ ýakyn syrdaşyna öwrülýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» atly bäsleşiginiñ ýeñijisi, Ýörite fortepiano kafedrasynyñ mugallymy Aýlar Saparmyradowanyñ öz döreden sazlaryndan taýýarlan konsertine gatnaşan her bir adam, ine, şeýle ýakymly duýgulary başdan geçiren bolsa gerek.

Konsert mende-de diýseñ uly täsir galdyrdy. Bu täsirli çykyşdan soñ, Aýlar Saparmyradowanyñ sazlary barada içgin gyzyklanyp başladym. Kompozitoryň döredijilik ýoly hakda saz muşdaklaryna gürrüň bermek isledim. Konsertde onuñ ilkinji  ýerine ýetiren eseri — «Noktýurn». Bu saz durmuşy pikirler bilen bagly bolup, mugallym ony hut şu ýyl döredipdir.

Aýlar Saparmyradowanyñ ikinji ýerine ýetiren eseri — «Ene hakda ballada». Bu saz 2017-nji ýylda döräp, onda enäniñ deñsiz-taýsyz mähri, öz çagasy üçin edýän aladasy, mähirli ene elleri wasp edilýär. Bu eser enelere tagzym hökmünde ýaş kompozitoryñ ýüreginden çykan eserdir.

Indiki  ýañlanan eser «Kalbymyñ owazy» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu saz zenan kalbyndan joşup çykan şirin mukamdyr. Sazy diñlän wagtyñ ony hut zenan kompozitoryñ  döredenligi bilnip dur. Ol bu sazy 2018-nji ýylda döredýär.

Ýaş kompozitoryñ 4-nji ýerine ýetiren eseri — «Güýz». Ol bu sazy 2020-nji ýylda döredip, onda güýz paslynyñ häsiýetini çeperçilik bilen beýan edýär. Ol öz ýanyndan bu sazy «Güýzüñ aýdymy» diýip hem atlandyrýan eken.

Ýene-de bir ajaýyp saz — «Fantaziýa». Bu saz 2021-nji ýylda döredilip, onda türkmeniň millilikleri bolan owadan şaý-sepleri, türkmen halylary, bedew atlary wasp edilýär. Bu eser gündogar sazyna söýgi bilen birlikde,  ata Watana, ene topraga, ajaýyp tebigata bolan söýgi bilen döredilen.

Tebigaty wasp edýän ýene bir owadan saz «Hazaryň jadyly tolkunlary» diýlip atlandyrylýar. Bu eser 2020-nji ýylda  Hazar deñziniñ tolkunlarynyñ, suwunyñ renkiniñ täsir etmegi netijesinde dörän eserdir.

Durmuşa, ýaşaýşa bolan söýgüni beýan edýän indiki eseriñ ady  «Ekspromt». Bu sazy ýaş kompozitor ýañy-ýakynda döretdi.

Aýlar Saparmyradowa Türkmenistanyň halk artisti, meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyñ sazlaryny özüne ýakyn hasaplaýar. Aýratynam onuň wokal eserleri ýaş kompozitora ylham berýär. Şonuñ üçin hem N. Halmämmedowyñ «Haýrana galar», «Maña seniñ gözleriňden gitme ýok» , «Geler» ýaly aýdymlaryny fortepiano üçin täzeden işleýär. Saza öwrülen bu aýdymlar konsertiň ajaýyp bezegine öwrüldi.

Ýaş kompozitor halky söýýär, halk üçin döredýär. Mugallym ýakyn günlerde boljak türkmen fortepiano eserlerinden düzülen täze konserte taýýarlyk görýändigini aýtdy. Biz — sungaty söýüjiler hem ajaýyp konsert üçin Aýlar Saparmyradowa köp sagbolsun aýdýarys we onuñ konsertlerdäki täze çykyşlaryna  uly höwes bilen garaşýarys.

Aýlar Saparmyradowanyñ sazlaryny diňläp, onuň diňe bir zehinli däl, kalbynyñ owadanlygyna hem göz ýetirmek bolýar. Içki dünýäsi näzik mukamlardan doly mugallyma mundan beýläk hem döredijilik üstünlikleriniñ ýaran bolmagyny, durmuşda berk jan saglyk we egsilmez bagt arzuw edýäris!

Dünýägözel BEGALIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ Opera sungaty hünäriniñ 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com