Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSliderSport

Ping-pong ýa-da gözüň dermany

13-06-2022 / 5199

Sport ýaşaýşyň gözbaşy, saglygyň sakasydyr. Dünýä ýüzünde sportuň dürli görnüşleri we olaryň özboluşly döreýiş taryhy bardyr. Geliň, sportuň şeýle täsirli görnüşleriniň biri — stol tennisi hakynda durup geçeliň:

Stoluň üstünde oýnalýan tennis sport  görnüşleriniň arasynda iň meşhurlarynyň biridir. Sportuň bu görnüşi Gündogar döwletlerinde döräp, “ping-pong” ady bilen meşhur bolupdyr . Bu at 2 sesden gelip çykypdyr. Ýagny “ping” – top haçan-da raketka degen mahalynda çykýan ses, “pong”- bolsa stola degende çykýan sesdir. Ilkibaşlarda raketka bilen oýun stoly bolmanlygy sebäpli, top elde oýnalypdyr. Soňra oýnuň düzgünleri we esbaplary kem-kemden kämilleşipdir.

Stoluň üstünde oýnalýan tennis adam saglygyna hem uly täsir edýär. Mysal üçin, bu oýna başgaça “Gözüň dermany ýa-da maşky” hem diýilýär. Sebäbi haçan-da garşydaşyň topy belli tizlik bilen urýan mahaly diňe bir tarapa däl-de, islendik tarapa urmagy mümkin. Şol topy yzarlamak uçin diňe bir bedeniň hereketi däl-de, gözüň hereketi hem zerurdyr. Bu hereketler bolsa göz üçin örän ähmiýetlidir.

Halkara Stol tennis Federasiýasy (International Table Tennis Federation, ITTF)  sportuň bu görnüşini giňden ýaýratmak, ony dürli ýurtlarda tanatmak we elbetde, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek maksady bilen täze sport gününi, ýagny stoluň üstünde  oýnalýan tennisiň Bütindünýä gününi ilkinji gezek 2015-nji ýylyň aprel aýynyň 6-syna belledi.

Aýläle ÝOLDAŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com