Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Galamyň ykbaly

13-06-2022 / 5081

Ussa ýaňy ýasap bolan galamyna ýüzlenip, şeýle diýipdir:
— Seni uzak ýola ibermezimden ozal bäş sany ýagdaýy bilmegiňi isleýärin, şonda sen iň gowy galam bolarsyň:

birinjiden, ýagşylyk edýän adamlaryň eline düşmäge çalyş, şonda sen örän beýik işleri amala aşyryp bilersiň;
ikinjiden, kähalatda ýitelmegiň üçin agyry-ynjylara uçrarsyň, emma has gowy bolmagyň üçin bu zerurlykdyr;
üçünjiden, sen öz ýalňyşyňy özüň düzedip bilmäge ukyplysyň;
dördünjiden, elmydama iň ähmiýetli bölegiň seniň içiňde bolar;
bäşinjiden, ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, sen ýazmagy dowam etmelisiň.

Indi siz hem özüňizi şu galamyň ornunda goýuň we ýokarky bäş ýagdaýy ýadyňyzdan çykarmaň.
Birinjiden, siz birnäçe beýik işleri edip bilersiňiz, ýöne hemişe ýagşylara ýoldaş bolmalysyňyz, ýagşy niýetden ugur almalysyňyz. Başarnygyňyzy görkeziň, şonda gerekli adamlar sizi idäp gelerler.
Ikinjiden, has güýçli we durmuşa taýýarlykly adam bolmalydygyňyz üçin kynçylyklar sizi wagtal-wagtal ýonar durar, has kämilleşmegiň hatyrasyna siz bu zatlara dözmelisiňiz.
Üçünjiden, öz goýberen ýalňyşlyklaryňyzy, säwlik-hatalaryňyzy özüňiz düzedip, ýene-de öňe ilerlemäge ukyplysyňyz.
Dördünjiden, siziň iň möhüm bölegiňiz gursagyňyzdadyr.
Bäşinjiden, haýsy ýoldan ýöreýän hem bolsaňyz, ömür ummanynyň durmuş kenarynda aýak yzlaryňyzy galdyrmalysyňyz, ýagny, hemişe ýagşy iş edip, ýagşylyk bilen ýatda galmalysyňyz.

Biziň her birimiz galam kysmydyrys. Her birimiziň maksadymyz, ýöremeli ýolumyz, geçmeli menzilimiz bar. Zeminde özümize niýetlenen durmuş düşeginde ornaşmagymyz we ýüreklerimize düwen maksatlarymyza ýetmegimiz üçin biziň bu zatlara düşünmegimiz we olary ýerine ýetirmegimiz gerek.

Taýýarlan Sylap ÇARYÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com