Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

TÜRKMENISTAN — RUSSIÝA: dostluk gatnaşyklarynda täze tapgyr

10-06-2022 / 5065

Türk­men we rus halk­la­ry­nyň köpasyrlyk dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry Russiýanyň we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da has ok­gun­ly hä­si­ýe­te, tä­ze öwüş­gi­ne eýe bo­lup, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hy­nda tä­ze sa­hy­pa­laryň açylmagyna itergi berýär. Uzak­möh­let­le­ýin öza­ra bäh­bit­li hyzmatdaşlygyň esa­sy ugur­la­ry­na söw­da-yk­dy­sa­dy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag, aragat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy, gur­lu­şyk we beý­le­ki­ler de­giş­li­dir.

Ýurdumyzyň giň halka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ösdürmeklige gönükdirilen “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty, dünýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­me­gi, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýän yn­san­per­wer tag­lym­lary hem-de baş­lan­gyç­lary Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky uzak­möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ryň has hem ös­jek­di­gi­ne, dost­luk-do­gan­ly­gyň do­wa­ma­ty­nyň dowa­mat bol­jak­dy­gy­na kepil geçýär.

Ine, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy şu ýylyň 8-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçdi. Bu sene mynasybetli döwletara derejede-de, ýurduň Türkmenistan bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýan sebitleri derejesinde-de dürli görnüşli çäreler geçirilip, ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine bagyşlanan mowzuklarda «tegelek stol» maslahatlary, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine bagyşlanan bilermenler mejlisi, okuw sapaklary ýokary derejede alnyp baryldy. Oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň Liderleriniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanylmagy, netijeli döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda goşan uly goşandynyň aýdyň beýanyna öwrülmek bilen iki dostlukly döwletleriň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalanjakdygynyň esasy boldy.

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Taraplaryň birek-birege ynanyşmagy, özara düşünişmegi duşuşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Bu bolsa türkmen-rus gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara  žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com