Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Apple Glass»-yň bahasy belli boldy!

08-06-2022 / 5035

«Apple»-iň birnäçe wagt bäri üstünde işleýän ilkinji «akylly» äýnekleriniň bahasy we jikme-jiklikleri peýda bolup başlady. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berildi.

«Apple» barada aýdylanda, aşa gymmat bahalar bizi geň galdyrmaýar. Ýöne «Apple Glass»-yň bahasy muňa degişli däl. Mälim bolşy ýaly, «Apple» birnäçe wagtdan bäri «AR» tehnologiýalarynyň üstünde işleýär. Bu ýagdaý barada bolsa ilkinji bolup, «Apple» kompaniýasynyň direktory Tim Kuk beýan edipdi.

«Apple» soňky 2 ýyldan bäri ilkinji «akylly» äýnegini çykarmak üçin birnäçe işleri alyp barýar. «Apple Glass» ady bilen gelmegine garaşylýan bu äýnegiň bize näme wada berjekdigi bolsa häzirlikçe syr bolup galýar.

Ählimize mälim bolşy ýaly, «Apple»-e gezek gelende, bu önümiň üstünlikli boljakdygyny aýdyp bileris. Kupertinoda ýerleşýän kompaniýa «Apple Glass»-yň bahasyny 2000 dollar diýip kesgitläpdir.

«Apple Glass»-yň haçan satuwa çykjakdygy barada bolsa heniz anyk maglumat ýok.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com