
Ylma bagyşlanan ömür
Abu Reýhan Biruny ömrüniň ahyryna çenli ylym bilen meşgullanypdyr. Sanalgysy dolup barýan alymyň ömrüniň soňky pursatynda ýanyna dosty, Gaznanyň baş kazysy gelipdir. Şonda Biruny:
— Ýadyňa düşýärmi, geçen sapar sen maňa emlägiň nädogry paýlanylyşy barada nägilelik bildiripdiň. Şol aýdanlaryňy gaýtadan aýdyp bersene — diýip, ondan haýyş edipdir. Onda baş kazy:
Halypam, siz şu ýagdaýyňyzda hem meni diňlemekçimi? — diýip, geň galmak bilen, halypasyna seredipdir. Onda akyldar dostuna garap, çalaja ýylgyrypdyr-da:
— Eý, dostum, ölmezimden öň şol meseläniň çözgüdini eşidip gitsem gowy bolardy — diýipdir. Şondan soň dosty öňki gürrüňini aýdyp beripdir. Gürrüňdeşlik wagtynda akyldar kaza sowallar berip, ýene-de hukuk meselesine degişli birnäçe meseleleriň çözgüdini anyklapdyr. Diňe şondan soň Biruny ýerinden galypdyr-da, ýene bir täzeligi bilendigine begenip, kanagatlanma bilen uludan dem alypdyr we şäher kazysyna sagbolsun aýdypdyr.
— Eý, Abu Reýhan, sen hiç wagt özüňe rehim etmediň. Hatda şeýle agyr pursatda hem alymlygyňa galdyň — diýip, kazy halypasynyň öňünde gamly başyny aşak egipdir.
Reýhanyň aşygy
Biruny ýetginjek döwründe reýhan gülleriniň ýakymly, hoşboý ysyny gowy görüpdir diýen maglumat bar. Şonuň üçin-de ony ýygy-ýygydan gülleriň içinde görmek bolýar ekeni. Ol öýünde hem hemişe reýhandan täze boglan çemeni asyp goýupdyr. Dostlarynyň ýanyna ugranda, köçä çykanda hem eline reýhan gülleriniň bir şahasyny alyp çykar ekeni. Şonuň üçin hem oňa Abu Reýhan diýip at goýupdyrlar diýen maglumata hem gabat gelmek bolýar. Soňra bu at onuň lakamyna öwrülip galyberipdir diýýärler.
Biruny ýaş wagtynda Reýhan atly gyzy gowy görüpdir diýen rowaýat hem bar. Taryhdan belli bolşy ýaly, meşhur alym “Ýyldyzlar hakynda ylym” atly kitabyny horezmli Hasanyň gyzy Reýhana bagyşlap ýazypdyr diýýärler.
Taýýarlan Jemile ALLAMYRADOWA,
Halaç etrabynyñ 37-nji orta mekdebiniñ türkmen dili we edebiýaty mugallymy.