Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Bu miweler hakda hatda eşidenem dälsiňiz?!

06-06-2022 / 5133

Liçi — Wýetnamda, Borneoda we Taýlandda ösýän miweli agaçdyr. Tegelek miweleri üzüme meňzeýän tagamly, witaminlere baý miwedir. Şol sebäpli oňa “Witamin miwesi” hem diýilýär.

Noýna — Ol  “şeker alma”  hökmünde tanalýar. Esasan Indoneziýa Awstraliýa we Hytaý ýaly ýurtlarda duşýar. Miwesi ownuk alma meňzeýär. 60-a çenli gara ownujak tohumlary bolýar.

Kiwano (Afrika hyýary) — Miweleri sary, mämişi ýa-da gyzyl bolýar . Miwesiniň daşyndaky gabygy özboluşly — uçly tiken şekilliligi bilen haýran galdyrýar. Onuň etlek bölegi süýjümtik-turşy bolup, ol hyýary ýadyňa salýar.

Jabotaсaba — Bu täsin miweli agajy synlap, onuň miwelerini bu agajyň kömelekleri diýip aýdyp bolýar. Aslynda, bular erik tagamly gara reňkli togalak şekilli miwedir.

Maýagözel BEGMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com