Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Yşkyňa aşyk göwnüm

27-05-2022 / 5129

Bolup biler. Näçe adam bar bolsa şonça-da pikir, garaýyş, görüş bar. Eý, meniň heýjan heserlim! Indi sen öz gözleriňe-de ynanmaýan bolsaň, men saňa näme diýeýin…
***
Ilkinji tanyşlyk, bir gujak çemen, öň duýulyp görülmedik geň duýgular. Ählisiniň ilkinji ,,myhmany’’ sen. Joralarym — gijeleriň getiren ýalňyzlygy. Arzuwlarym — armanym. Syrdaşym — syrygan gözýaşlarym siňen ýassyklar…
***
Goýsana göwnüm. Gören zadyňdan ykbalyňa meňzeşlik gözleýärsiň. Ine görersiň, şeýle bir günler geler…
***
Seni söýenligim üçin ilkinji günäkäriň haýsy synamdygyna akylym çatanok. Gözlerimmi ýa-da gursagymdaky ýüregim… Meň azara galyp oturşymy, haýsysy bolanda näme. Barybir söýýän diýen sen däl ahyry…
***
Bir wagtlar bagtymy elimden biri alyp barýan ýaly ýakymly ýatlamalarymy hem ilden çete saýlanyp, gözlerimi ýumup, her wagt bir ädimläp hyýalyma getirýärdim. Indi gözlerimi açyp ýöränimde-de seni görüp bilemok. Haýp biderejik gabananym…
***
Oglan:  Sen durmuşda öz ornuň nirededigimi bilýärmiň?
Gyz: Bilemok
Oglan: Eger bilmeýän bolsaň, iň bolmanda meniň gözlerime seredäýmeli ekeniň-dä!
Gyz: Onda saňa aşyk bolardym-da.
Oglan: Sen meniň ýaşamagym üçin gerek bolan zatlaryň ählisinde ýaşaýaň.
Gyz: Ony näme bilen subut edip biljek?
Oglan: Eger bilesiň gelse, iň soňky gezek sensiz howadan dem alyşymy  synla…
***
Näme üçinkä? Maňa ömrümiň iň ýatdan çykmajak günlerini peşgeş beren küýseglimiň kyssasyny näçe ýazdygymça şonça-da oňa bolan mährim, küýsegim artýar.

Nurşat NARLYÝEWA.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com