Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Ýetginjeklik we sport

27-05-2022 / 5078

Sport bedeni we ruhy kemsiz taplap, ýeňişlere bolan erki we özüňe ynamlylygy  terbiýeleýär. Sportuň käbir görnüşlerinde bedeniň hereket işjeňliginiň dürli depginleri sazlaşykly amala aşyrylýar.

Sportuň basketbol, woleýbol, gandbol, futbol  ýaly görnüşleri çagalarda we ýetginjeklerde pikirleniş, hereket  çalasynlygyny ösdürýän bolsa, erkin göreş, boks, karate  gaýduwsyzlygyň, mertligiň, merdanalygyň, çydamlylygyň kemala gelmegine kömek edýär. Şonuň üçin hem sportuň dürli görnüşlerine ýaşlaryň gyzyklanmasy köpelip, sporta höwesjeň ýaşlaryň sanynyň artýandygy  buýsandyrýar.

Ýetginjeklik döwründe, çaganyň beden we aň taýdan ösüşiniň iň çylşyrymly döwründe sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti has uludyr. Ýetginjegiň ýürek-damar ulgamy funksional özgerişlere sezewar bolýar. Şoňa görä-de, hut ýetginjeklik döwründe çaganyň işjeň hereketleri geljekde onuň güýçli, sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýetginjeklerde myşsalaryň işiniň kuwwatlylyk üpjünçiligi, ulularyňka garanyňda, üýtgeşik bolýar. Şol bir agram salynmalara we hereketlere olar has köp güýç sarp edýärler. Hut şu sebäpli hem  ýetginjek, artykmaç agramy bar bolsa, tiz horlanýar. Ýetginjekler üçin niýetlenen türgenleşikler hem örän uzak dowam etmeli däldir.

Ýetginjekleriň bedeniniň ýene-de bir aýratynlygy, uly adamlaryň bedenine garanyňda,  tiz dynç alyp ýetişýänligidir. Diýmek, ýetginjekler ýygy-ýygydan, ýöne gysga wagtlaýyn türgenleşikleri geçirip biler. Uly adamlara hepde-de 1-3 sagatlyk 2-4 sapar türgenleşik geçmek maslahat berilýän bolsa, ýetginjekler hepdede 1-2 sagatlyk 5-7 sapar türgenleşik geçip  bilerler. Ýetginjek günde azyndan 60 minut işjeň hereketde bolmaly.

Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com