
25-nji maýda paýtagtymyzdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda geçirilen dabara bilen «Türkmen teatr sungaty» festiwaly tamamlandy.
Festiwalda görkezilen sahna oýunlary artistleriň ussatlygy, keşpleriň özboluşlylygy, mertebe, borç, söýgi, dostluk, ahlak päkligi ýaly gymmatlyklara ygrarlydygy bilen tapawutlandy. Çykyşlar paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda boldy. Teatr toparlary tomaşaçylary ajaýyp aktýorlyk, režissýorlyk we edebi işleri bilen tanyşdyrdylar. Onuň çäklerinde geçirilen maslahatlardyr duşuşyklaryň dowamynda milli teatr sungatymyzyň häzirki zaman meýilleri we geljegi, onuň milli medeniýetimizi gorap saklamakda, ruhy mirasy geljekki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Festiwalyň maksatnamasy türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerini özünde jemledi. Ähli sahna oýunlary köp sanly tomaşaçylaryň hoşallygyna mynasyp boldy.
«TürkmenGazet».