Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Degme meň göwnüme…

25-05-2022 / 5107

Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Çyrmaşyk men, ýüregiňe çyrmaşyp,
Ony ähli howp-hatardan aýaryn.
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Däli dünýäň gyzygy ýok eşretsiz.
Söýgüsiz – gözsüzdir.
A men batyl däl.
Görjek dünýäň tomaşasyn-toýlaryn.
Doýmaryn men
Bala gaçan lebiňden.
Lowlap duran ot sen.
Porhan bolup daşyňda,
Aýlanaryn çapak çalyp, böküpler.
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Şu hal seždegähim seniň bedeniň,
Dogamdyr gulagňa siňen pyşyrdym.
Al-arwahlar alyp gaçsyn edebim,
Edebim – hoşlugyň,
Sogabym – söýgim.
Pikirlerim dem alşyňa tabyn hem,
Duýgularym kalp urşuňa büdreýär.
Ölümem däl,
Ömürem däl.
Bu pursat
Başga bir älemde täze bir eýýam.
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Ýamanlygam
Ýagşylygam
Undaly!
Hyjuwmyzdan
Ýaza garaşyp ýatan
Bägüller güllesin
Güllesin dünýä!
Ýagşylyk gül bolsun, ýamanlyk tiken.
Barybir ikisem bir jan-u bir ten.
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Seni dünýäň çöwre ýüzne äkitjek.
Ol ýer ikimiziň jennetimizdir.
Ikimiz bolarys ýagşam ýamanam.
Saçlaryňy ýaý-da gözüňi ýum sen!
Degme meň göwnüme, degme sen dilber!

Maksatmyrat ÇARYÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com