Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

«Nar agajy» ― halk heňinden dürdäne eser

20-05-2022 / 5316

Nury Halmämmedow milli aýdym-sazymyzy dünýä tanatmakda bimöçber işleri bitiren saz äleminiň ägirdidir. Bu kompozitor türkmen halkynyň kalbynda miras galdyran sazlary bilen ebedilik ýaşaýar. Onuň goýup giden bu mirasy bakylyga uzaýan üýtgeşik ruhy dünýädir. Nury Halmämmedowyň türkmen halk heňlerine sarpasy, halk sazandalaryna berýän ýokary bahasy, uly nesliň kompozitorlaryna goýýan hormaty beýik kompozitor hökmünde kemala gelmegine itergi berdi.

Nury Halmämmedowyň döredijiliginde kamera-instrumental eserlerine uly orun degişlidir. Awtor eserleriniň 50-den gowragyny özüniň söýgüli saz guraly bolan fortepianoda ýerine ýetirmek üçin niýetläpdir. Kompozitoryň döreden sazlary türkmen halky üçin nusgawy eser bolup, mydama-da söýülip diňlenilýär.

Türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň skripka we fortepiano üçin «Nar agajy» atly eseri halk heňiniň esasynda ýazan wariasiýa toplumydyr. Kompozitor bu eserini Matweý Rawiçiň ýagty ýadygärligine bagyşlaýar.  Bu eserde Nury Halmämmedowyň Bah, Bethowen, Çaýkowskiý, Şopen ýaly ussat kompozitorlaryň däplerine eýerip, milli sazymyz bilen Ýewropa sazynyň utgaşygyny döredendigini aýtmak gerek. Hususan-da, kompozitoryň öz pikir ýöretmesi we saz keşpleri boýunça bu wariasiýa P.I.Çaýkowskiýniň 6-njy simfoniýasyna hem ýakynlaşýar.

N.Halmämmedowyň «Nar agajy» atly türkmen halk heňiniň esasynda ýazylan bu eseri ýokary derejeli çeper eserleriniň biridir. Çylşyrymly bolmadyk bu halk heňi kompozitora pelsepewi, çuň manyly durmuşy dramany beýan edýän eseri döretmäge itergi berýär. Bu eser halkymyz tarapyndan söýülip diňlenýän eserleriň biridir.

«Galanyň düýbünde bir gawun iýdim,

Etini iýdimde, paçagyny goýdum…»

— diýen sözler bilen başlanýan aýdym, türkmen halkynyň şu günki günlerde hem aýdymçylarynyň dilinde saýraýar. Bu aýdymyň esasynda bolsa «Nar agajy» atly türkmen halk heňi ýatandyr.

«Nar agajy» halk heňiniň diňe türkmenleriň däl, eýsem, birnäçe halklaryň, esasan, gündogar halklarynyň hem öz halk heňleri hasaplanýandygynyň jedelini anyklamak entekler meseledir.

Bu ýerde bolsa türkmen halkynyň dürli döwürlerde-de goňşy ýurtlar bilen ýakyn gatnaşykda bolup, beýleki ugurlar bilen biri hatarda medeniýet we sungat ulgamynyň hem ösmegine uly täsirini ýetirendigine göz ýetirýäris.

 Nury Halmämmedowyň eserlerinde daşary ýurt kompozitorlarynyň täsiri duýulýandygy görmek bolýar. Bu barada hat-da sazşynaslar, saz öwrenijiler hem belleýärler. Ýöne haýsy täsire düşse-de, kompozitoryň ylham çeşmesi öz milli sazymyz, folklorymyz bolupdyr. Şonuň üçin halypa kompozitoryň eserleri biz üçin bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr.

Şu günki günde şeýle saz äleminiň ägirtlerine uly sarpa, sylag-hormat goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri ileri bolsun!

Merjen HOJAMKULYÝEWA,
Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň fortepiano hünär mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com