Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Gahryman Arkadagymyza Tatarystanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy

20-05-2022 / 5085

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Sammitiň işi tamamlanandan soň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurmak dabarasy boldy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany dabaraly ýagdaýda okalýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýokary döwlet sylagyna Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni gowşuryp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com