Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Biläýmeli 11 melhem!

19-05-2022 / 5147
  • Eger-de endamyňyz çişýän bolsa, reýhan gülüni ýenjip çişen ýerine sürtse em bolar.
  • Her wagt gözüňizden ýaş akýan bolsa, onda geçi ýüňüni gözüňize ýapyň.
  • Sogan iýmegi endik edinen adamyň kelleagyry bilen işi bolmaz.
  • Dişiňiz agyrsa haýal etmän sarymsagy oda gömüp ýapmaly.
  • Sarymsak iýmäge endik etseň bedeniň sowukdan ýa-da ýelden hergiz azar çekmez.
  • Kimdir biriniň damagy dolup sesi tutulsa, turp tohumyny gaýnadyp bokurdagyny çaýkamaly.
  • Eger-de aşgazanyňyz agyrýan bolsa, her wagt ýagyş suwuny gaýnadyp içmek maslahat berilýär.
  • Gulak agyry üçin iň peýdaly hasaplanýan zatlaryň biri-de reýhan gülüni guradyp, gulagyňa damdyrmakdyr.
  • Badam ýagyny göze sürtseň röwşen bolar.
  • Kädi çigidiniň tohumy aşgazany düzedip, barça ýeli dep kylar.
  • Üsgülewikli adamlara armyt tohumyny gaýnadyp içmek maslahat berilýär.

Toplan Nurana ALLAÝEWA,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com