Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Suw gaýnanda näme üçin ses çykarýar?

16-05-2022 / 5076

Suw gaýnan wagty lakyrdap ses çykarýandygyny eşitmedik ýokdur? Suw entek gaýnap başlamanka şyggyldap ses edýär. Eýsem, suw gyzanynda nädip ses çykarýarka?!

Oduň üstünde duran gabyň ilki aşagy gyzýar. Gabyň aşak tarapyndaky gyzýan tekizlige degip duran suwuň gyzgynlygy birden artansoň, gyzýan gatlakdaky basyş düşýär. Basyş peselensoň, kiçijik bug köpürjikleri peýda bolýar. Bu köpürjikler suwdan ýeňil bolansoň, gabyň ýokarsyna çykyp başlaýar. Gabyň ýokarsyndaky suw bolsa, entägem aşakdaky ýaly gyzgyn bolmandygy üçin bu ýerde basyş ýokary bolýar. Köpürjikler ýokary galyp sowuk gatlaga ýeteninde büzülýär. Büzülen köpürjikler yrgyldy emele getirip, ses döredýär. Gabyň daşy ellenende, ony duýup hem bolýar. Emma gyzgyndygy sebäpli bu maslahat berilmeýär. Gabyň ululygyna we şekiline görä, gaýnap başlan suwuň sesiniň güýji hem başgaça bolýar. Gaýnap başlandan soňra bolsa, suwuň çykarýan sesi üýtgeýär. Sebäbi gapdaky suwuň ählisi deň derejede gyzýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com