Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Aşgabatda BAE-niň merhum Prezidentiniň belli güni bellener

16-05-2022 / 5029

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hiç wagt unudylmajakdygyny nygtady. Hajy Arkadagymyz Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna ýüzlenip, razylyk berlen ýagdaýynda, merhumyň Aşgabatda gurduran metjidinde geljek annada onuň belli gününi bellemekçidigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz BAE-niň halkyna agzybirlik, merhumyň maşgala agzalaryna, dogan-garyndaşlaryna bolsa ruhy durnuklylyk, sabyr-kanagatlylyk dileg edip, medet beriji sözlerini beýan etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com