
Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň saz gurallaryny bejeriji ussasy bolup zähmet çekýän Çary Gutlyýew öz işiniň ussady hökmünde tanalýar. Ýedinji onlugy tegeläp, sekizinjä gadam basan ussa ýigrimi bäş ýaşyndan bäri saz gurallaryny ýasamak bilen meşgullanýar.
«Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, kakasy Gutly aganyň asylly kärini dowam etdirýän on dört doganyň körpesi bolan Çary agada saz gurallaryny ýasamak höwesi çagalykdan döräpdir. Onuň bu ugurda kämilleşmeginde doganlarynyň hyzmaty örän uly bolupdyr. Ol Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebinde okaýan uçurlary boş wagtlary eline tut agajynyň bölegini alyp, ony ýonup hem özboluşly bir şekil ýasap, ejesi Rozygül gelnejä görkezip begenerdi. Ene oglunyň bu höwesi hakda ýanýoldaşyna gürrüň berýär. Şeýde-şeýde, uly doganlarynyň kömegi bilen saz gurallaryny ýasamaga höwesli Çarynyň çagalyk arzuwlary geljekki ykbalyna öwrülýär.
— Dutar, köplenç, tut agajyndan ýasalýar. Çünki bu agaç işlemek üçin örän oňaýly bolýar. Guramanka çapsaň, işlemek üçin gabyl hem aňsat bolýar. Tut heniz ölkä, dutary taslasaň-da, içini köwseň-de, Gün düşmeýän ýerde, ýagny jaýda saklasaň, asla jaýrylmaýar. Onsoňam, tut diýlen daragtyň süňňi diýseň berk bolýar, aňsat-aňsat çüýremeýär. Wagtyň geçmegi bilen onuň reňki garamtyldan goňur bolýar. Daşy ýülmenenden soň öz-özi ýalpyldap gidiberýär.
Dutar üçin niýetlenen tut agajyny arassalap, ondaky gözleri aýryp, 20 — 25 santimetr çuňlukda gömüp goýmaly. Has çuňrak gömseňem bolýar. Käbir ussalar ekin meýdanlarynda has çuň gömüp üstünden ekin hem ekýärler. Ýöne çuň gömseň, soň almasy kyn bolýar. Agajy ýere gömüp goýanyňdan soňra, her gün gömlen topragyň üstünden suw guýup durmaly. Onuň sebäbi berklik üçin. Tut azyndan alty aýlap ýer astynda galmaly. Ol näçe köp ýatsa, şonça gowy. Agajy çykaranyňdan soň, ony işlemek aňsat bolýar, çyg çekmezlik üçinem gowy. Agajy ýerden çykaranymyzdan soň, ilki bilen, dutaryň kädisi üçin ýonup başlamaly ― diýip, Çary aga jadyly saz guralynyň ýasalyşy barada gyzykly gürrüňleri berýär.
Asylly hem halal kärinden döwlet tapan ussanyň ogly Didar hem kakasynyň kesbini dowam etdirýär.
Milli saz gurallaryny ýasamak, onuň ýasalyşyny ösüp gelýän ýaş nesle öwredip, milli ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolmagy ugrunda, şeýle-de senetçiligi ösdürmäge goşýan goşandy üçin ol 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Çeper döredijiligiň halk ussasy», şeýle hem 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly atlara mynasyp boldy. Bu bolsa onuň zähmete bolan höwesini artdyrýar.
Leýla KANDYMOWA,
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.