Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Turin şäherinde «Ýewrowideniýe-2022» başlady

12-05-2022 / 5072

Ýer ýüzündäki 41 ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşigi öz işine başlady. Bäsleşigiň bu ýylky tapgyry bolsa  Italiýanyň Turin şäherinde geçirilýär.

«Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşigi 3 gün dowam eder. Ýagny birinji ýarym final 2022-nji ýylyň 10-njy maýynda, ikinji ýarym final 12-nji maýda, final tapgyry bolsa 14-nji maýda geçiriler.

Bäsleşige haýsy ýurtlar gatnaşýar?

Bäsleşige jemi 41 ýurt gatnaşar. Olar: Albaniýa, Awstraliýa, Ermenistan, Awstriýa, Belgiýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Günorta Kipr, Çehiýa, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Jorjiýa, Germaniýa, Gresiýa, Islandiýa, Irlandiýa, Ysraýyl, Italiýa, Latwiýa, Litwa, Malta, Moldowa, Çernogoriýa , Gollandiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, Rumyniýa, San Marino, Serbiýa, Sloweniýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ukraina hem-de Angliýa.

Eger-de siz hem bäsleşige tomaşa etmek isleseňiz, onda Ýewrowideniýäniň «Youtube» hasabynda göni ýaýlymda görüp bilersiňiz!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com