Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSlider

Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy

08-05-2022 / 5075

Şu ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynda dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejergisiniň dürli ugurlary ylmy esasda öwrenilip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynyň bejerijilik ukyby ýokary derejä eýe bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň özboluşlylygy barada aýdyp, onuň ägirt uly bejerijilik ukybynyň bardygyny belledi.
Şypahanada saglygyny berkidýän adamlar bu ýere gelýänleriň sanynyň barha köpelýändigini, şypahanada bejergi almaga isleg bildirýänleriň artýandygyny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan şypahanada ýene bir binany gurup bermek baradaky ýüztutmalaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetirmegini haýyş etdiler. Hormatly Arkadagymyz olaryň haýyşyny bitirjekdigini aýdyp, «Arçman» şypahanasynyň özboluşly taryhy, onuň ösüşiniň tapgyrlary barada gürrüň berdi.
Dynç alýanlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ilatyň saglygyny dikeltmek hem-de berkitmek ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çeşme:TDH

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com