
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdepde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhammet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde hem-de Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýakynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyran iş saparynda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişine bagyşlanylan maslahatlar geçirildi. Olarda döwlet Baştutanymyzyň täze şähere mynasyp at dakmak barada halkymyzyň arzuw-islegleriniň, teklipleriniň öwrenilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlara Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Çykyşlarda raýatlardan, hususan-da, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryndan teklipleriň gelip gowuşýandygy, şol teklipleriň ählisine ünsli garalyp, olaryň degişli hünärmenler tarapyndan öwrenilýändigi hem-de bellige alynýandygy, teklipleriň gelip gowuşmagynyň dowam edýändigi barada aýdyldy.