
Kaliforniýada ýaşaýan Şaý Asoryň Bini atly towşany 2013-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Bu akylly Bini basketbol oýnamagy öwrenýär we basketbol sebedine minutda ýedi sany top oklaýar. Towşanyň eýesi Şaý Asor Bininiň üstünliklerinden diýseň hoşaldygyny şeýle belleýär: «Çagalygymda her ýyl Ginnesiň Rekordlar kitabynyň soňky neşirini yzygiderli okaýardym. Indi bolsa towşanymyň adynyň Ginnesiň Rekordlar kitabynda bolmagy meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyplyk».
Bini çagalykdan top bilen oýnamagy gaty halaýardy. Muny duýan Şaý Asor Bininiň bu adaty bolmadyk güýmenjesinden peýdalanyp, oňa tälim berip başlaýar. Türgenleşik üstünlikli geçdi we tiz wagtda Bini dünýä tanaldy. Habarçylaryň bellemegine görä, häzirki wagtda bu basketbolçy towşanyň 300000-den gowrak janköýeri bar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.