Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkyny gutlady

02-05-2022 / 5040

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkyny gutlady.

Hususan-da, Gutlagda: «Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň birligine uýýan, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes ýörelgä öwren türkmen halky asylly işleriň, beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň gijesi bolan mübärek Gadyr gijesine uly hormat goýýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, mukaddes Oraza aýynda parz we wajyp ýörelgelerden ugur alnyp agyz beklendi, Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde, Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajy metjidinde, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde tagat-ybadatlar berjaý edildi. Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, juma we tarawa namazlary okalyp, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, rysgal-berekediniň artmagy, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin aýat-töwirler, alkyş-dilegler edildi» diýlip nygtalýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com