Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Şu ýyl Daşoguzda we Lebapda 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekiler

30-04-2022 / 5075

29-njy aprelde geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Mejlisde bellenilişi ýaly, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda  jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com