
Watançylyk, watançy… Biz bu sözleri has köp ulanýarys. Her kimde bu sözleriň näme aňladýandygy barada umumy düşünje bar. Emma olaryň asyl manysyny aýdyň düşündirmäge hemmeler ukyply däl. Muny etmek üçin biz ilki bilen Watanyň asyl nämedigine düşünmeli.
Watan – bu «ýurt» diýen sözüň sinonimi däl. Bu seniň dünýä inen mukaddes topragyň. Bu seniň ene-ataň, doganlaryň. Ilkinji ädimleriňi eden öýüň. Okamagy we ýazmagy öwrenen mekdebiň. Seniň garyndaşlaryň, dostlaryň we goňşularyň. Seniň geljekki çagalaryň, agtyklaryň, çowluklaryň. Bularyň hemmesi – seniň hakyky Watanyňdyr.
Watançylyk – bu seniň öz Watanyň geljegi üçin duýýan jogapkärçiligiň. Bu öz Watanyň bilen şu gün bolup geçýän we ertir bolup geçjek zatlar baradaky aladalaryň. Watançylyk – bu ähli pursatlarda Watanyň abadançylygy üçin hemme zadyňy gurban etmäge taýýarlygyň.
Watançylyk biziň halkymyzy jebisleşdirýär. Ahyry, biziň hemmämiz ýakynlarymyzyň bagtyny isleýäris. Öýümizde asudalygyň, saçaklarymyzda çöregiň bolmagyny isleýäris. Diýmek, biz şol bir zada ýetjek bolýarys. Käwagt sen muny unudyp, öz ýan ýoldaşlaryňa gaharlanyp bilýänsiň. Şeýler ýagdaýlarda ýadyňa düşür – biziň ählimiz halkymyzy jebisleşdirýän Watana gulluk edýäris. Biziň hemmämiz – watandaşlar.
Kemala gelen watançylyk duýgusy – bu kalbyňy ganatlandyrýan duýgudyr. Ol saňa ähli kynçylyklardan üstün çykmaga kömek eder. Sebäbi sen öz hakyky wezipäň nämedigini aýdyň göz öňüne getirmäge başlarsyň. Bu wezipe – öz Watanyňa bähbit getirmek we onuň rowaçlygyna ýardam etmekdir.
Sen, mümkin, watançy bolmak kyndyr diýen pikire gelensiň? Emma bu diňe daşyndan şeýle görünýär. Hakykatdan bolsa watançy bolmak üçin sen diňe iki zady başarmaly – özüňi kämilleşdirmegi we ýaltalykdan daşda bolmagy.
Seniň Watanyňa öz ukyp-başarnyklaryny we döredijilik gujur-gaýratyny Watanyň bähbidine we goragyna ugrukdyryp bilýän ussat hünärmenler gerek. Eger seniň ukyp-başarynyklaryň bar bolsa – olary kämilleşdir. Ýaltanman olary öz Watanyň bähbidine ulan.
Ýatda sakla! Watan seniň özüňden başlanýandyr. Bu seniň maşgalaň, seniň dogduk öýüň, seniň dostlaryň…
Nurmyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, maýor.