Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy

29-04-2022 / 5102

«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört toparyň gatnaşmagynda Jiddada (Saud Arabystany) geçirilýän iki aýlawly ýaryşda Kataryň «Al-Garafany» utup, taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandylar.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň Aziýanyň abraýly şu ýaryşynda ilkinji gezek çykyş edip, ilkinji oýunda 2015-nji AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykan, Dubaýdan BAE-niň çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi «Şabab Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnandygyny ýatladýarys. Soňra ol dört gezek: «Al-Garafa» bilen birinji oýunda 0:2, Eýranyň «Fuladyndan» iki gezegem 0:1 we «Şabab Al-Ahli» bilen ikinji oýunda 1:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Ýurdumyzyň ozal ýedi gezek çempiony bolan we Kataryň emiriniň Kubogyny eýelän topary utan «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji çykyşyny 4 utuk bilen jemledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com