Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

29-njy aprel — Halkara tans güni

28-04-2022 / 5063

Her ýylyň 29-njy aprelinde bütin dünýäde Halkara tans güni bellenilýär. Ähli tans görnüşlerine bagyşlanan bu baýramçylyk 1982-nji ýylda ÝUNESKO-nyň halkara tans geňeşiniň başlangyjy bilen, horeografiki sungatyň reformaçysy we teoristi bolan fransuz horeografy An-Georges Noýerriň doglan gününde bellenip başlandy.

An-Georges Noýerre taryhda “Häzirki zaman baletiniň atasy”hökmünde tanalýar. Ol fransuz balet ussady bolup, horeograf we balet teoristi, horeograf L.Dupreň okuwçysydyr. Ol Londandaky Drury Lane teatrynda balet toparyna ýolbaşçylyk etdi.

Bu baýramçylygyň esasy maksady tansyň ähli ugurlaryny sungatyň bir görnüşi hökmünde birleşdirmekdedir. Elbetde, bu gün tutuş tans dünýäsi — opera we balet teatr toparlary, häzirki zaman tans toparlary, halk tans assambleýalary, professional we höwesjeň sungat işgärleri üçin hünär baýramçylygydyr. Russiýada Halkara tans gününde ýeke-täk professional balet baýragyny — “Soul of Dance” baýragyny bermek däbi hem bar. Bu baýrak 1994-nji ýylda “Ballet” žurnalynyň we Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde döredilip, rus horeografiki sungatynyň ösüşinde gazanan üstünlikleri üçin ussatlara berilýär.

Aýjemal ORAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com