Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Köýtendagyň daglyk ekoulgamy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giriziler

25-04-2022 / 5036

Bu barada 23-nji aprelde Daşary işler ministrliginde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Türkmenistanyň milli topary Özbegistan Respublikasyndaky kärdeşleri bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça milli hödürnamany işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu resminamany ylmy-barlag we maglumat taýdan berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri Uly landşaftlary gorap saklamak merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Şeýle-de mejlisde 2023-nji ýylda maddy däl medeni mirasyň abraýly sanawyna girizmek üçin ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly köptaraply hödürnama, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” transmilli taslamasynyň taýýarlanylandygy hem-de iberilendigi bellenildi.

Mejlisde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras — geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Häzirki döwrüň ýaşlarynyň ekologiýa sowatlylygy we medeniýeti” kafedrasyny döretmek baradaky resminamalaryň taýýarlanylandygy we iberilendigi nygtaldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com