Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

23-04-2022 / 5052

Şu gün — 23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyza sowgat hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ähli atşynaslaryň adyndan naýbaşy ahalteke bedewleri hem-de olaryň şahadatnamalary gowşuryldy.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ahalteke bedewleriniň iň gowularynyň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykaryldy.

Gözden geçiriliş tamamlanandan soň, halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de ahalteke atlarynyň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com