Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Çilim näme üçin zyýanly?

Bulary okasaňyz, çilimi taşlamagyňyz gaty mümkin

23-04-2022 / 5373

Dünýäde giňden ýaýran howply keselleriň köp sanlysynyň döremegi we ösmegi çilim çekmek endigi bilen baglanyşyklydyr. Temmäki önümlerini ysgamak, çeýnemek, tüssesini demiňe çekmek arkaly yzygiderli ulanylmagy başga sebäplere görä dörän keselleriň hem geçişini agyrlaşdyrýar.

Çilimiň dem alyş ulgamyna ýetirýän zyýany:

  • Dem alyş ýygylaşyp, dowamly demgysma ýüze çykýar.
  • Gakylykly üsgülewük peýda bolýar.
  • Bronhit keseli döreýär.
  • Dem alyş ulgamynyň howply täze döremeleri köp ýagdaýda çilim çekmek endigi bilen baglanyşyklydyr.
  • Öýken inçekeseliniň, pnewmoniýanyň geçişi agyrlaşýar.

Çilimiň ýürek-damar ulgamyna ýetirýän zyýany:

  • Ýürek urgusy bozulýar. Pulsuň ýygylygy çilim çekilenden soň dessine ýokarlanýar.
  • Arterial gan basyşy yzygiderli ýokarlanýar.
  • Gan damarlary gysylyp, aterosklerozyň ýüze çykmak ähtimallygy ýokarlanýar.
  • Tahikardiýanyň, bradikardiýanyň, gipertoniýanyň, ýüregiň işemiýa keseliniň (stenokardiýanyň, miokardyň infarktynyň) geçişi agyrlaşýar.

Çilimiň iýmit siňdiriş ulgamyna ýetirýän zyýany:

  • Işdä bozulýar.
  • Iýmitiň siňmegi kynlaşýar.
  • Aşgazanyň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralary döreýär.
  • Dodaklaryň, diliň, agyz boşlugynyň, gyzylödegiň howply täze döremeleriniň döremek howpy ýokarlanýar.

Çilimiň merkezi nerw ulgamyna ýetirýän zyýany:

  • Nerw öýjükleriniň işi bökdelýär.
  • Merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi bozulýar.
  • Akyl we fiziki zähmete ukyp peselýär.
  • Uky bozulýar.
  • Eller sandyraýar.
  • Ýatkeşlik peselýär.
  • Gaharjaňlyk, rahatsyzlyk, keýpsizlik peýda bolýar.
  • Insultyň geçişi agyrlaşýar.

Çilimiň adamyň daşky keşbine ýetirýän zyýany:

  • Dişler saralýar.
  • Deri solýar, öçügsilenýär, guraýar, ýygyrt artýar.
  • Saç selçeňleşýär, inçelýär.
  • Gözler öçügsilenýär.
  • Çilimkeşiň derisinden, agzyndan, egin-eşiginden ýakymsyz ys gelýär.

Çilim tüssesiniň daş-töwerekdäki adamlaryň saglygyna ýetirýän zyýany:

  • Çilim çekilende onuň tüssesindäki zäherli maddalaryň 20-25%-i çilimkeşiň bedenine aralaşýar. Galan bölegi tüsse bilen howa ýaýrap, bu howadan dem alýan beýleki adamlaryň bedenine geçýär.
  • Çilim çekilen jaýda üç sagatlap bolan adam bir çilimde saklanýan tüssäni demine dartýar.
  • Çilim çekilenden soň onuň tüssesi howada iki sagatlap (otagyň içi ýelejiredilende-de) saklanýar.

Çilimiň düzüminde näme bar?

Çilimiň tüssesinde awuly himiki maddalaryň 4000-e golaýy saklanyp, olaryň 40-dan gowragy howply täze döremeleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär.

Hiçden giç ýagşy

Çilim çekmek endigi bilen hoşlaşylandan soň, az wagtyň içinde bedeniň işi dikelýär, adamyň daşky görnüşi gowulanýar.

  • Dem alyş kadalaşýar.
  • Üsgülewük aýrylýar,gakylyk bölünip çykmaýar.
  • Tagam duýuş,ys alyş ukuby dikelýär.
  • Ähli beden ulgamlarynyň işjeňligi kadaly ýagdaýda dikelýär.
  • Nerwler rahatlanýar, uky kadalaşýar.
  • Işdä gowulanýar.
  • Arterial gan basyşy, puls kadalaşýar.
  • Işe bolan ukyp ýokarlanýar.
  • Deri, saç, dişler sagdynlaşýar, ýakymsyz yslar aýrylýar.
  • Agyr keselleriň döremek howpy azalýar.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com